HABARLAR

Dünýäniň içindäki dünýä

2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrylýar. Sungat äleminde teatr — iň gymmatly baýlyk. Köpasyrlyk taryhynda teatrlar hemişe tomaşaçylaryň üns merkezinde bolup, ähli döwrüň sungat söýüjilerini özüne çekýär. Ine, şeýle teatrlaryň hatarynda ýurdumyzyň medeni mirasyna öwrülen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryny uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Nusgawy eseriň täze ömri

Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan dünýä belli rus ýazyjysy hem dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Aýy» atly pýesasyna tomaşa edeniňden soň, şeýle pursaty başdan geçirýärsiň: durmuşyň jümmüşinde ýaşap, ony öz ybratly ykbalyň bilen bezeseň we ynsan diýen belent adyňy haklap, ýagşylykda yz galdyrsaň, ana, şol bütin ömrüňe degýän möhüm zat. Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Aýynyň» sahna bezegini Güljemal Saparowa bilen Merjen Çaryýewa ýerine ýetiripdirler. Dogrusy, bezegçiler XIX asyryň rus dworýan maşgala durmuşyny ýürege ýakyn ýagşylykly görnüşde şöhlelendiripdirler. Abdylazym Rejepowyň bu pýesa üçin saýlan sazlary-da tüýs jüpüne düşüpdir. Ol waka hem ahwala, gahrymanlaryň ruhy dünýäsine laýyk ýaňlanýar. Bu sahna eserini yşyk bilen bezemek işi hem döwrebaplyga eýe, ýagny ol özboluşly röwüşde şöhlelenýär. Täze spektakla tomaşa edip, ýurdumyzyň Baş drama teatrynda işlemek bilen, dünýä belli drama eserini teatryň sahnasyna çykaryp, özüni ilkinji zehinli zenan režissýor hökmünde görkezip, ajaýyp bir pýesany milli teatr sungatyna getiren, ony daşary ýurt dramaturgiýasy bilen baýlaşdyran Gülälek Akmyradowany bize

Döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde

«Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde» atly maslahatda Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy netijesinde, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilindäki neşiri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň biridir. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň her bir işde halkymyzyň aňyrdan gelýän ýörelgelerine daýanandygy, türkmeniň edep-ekramynyň jemlenendigi, her başlangyjynyň il-günümizi, dünýäni beýgeldýändigi, halkymyzyň Arkadagynyň perzentlik borjuny berjaý edip, anna agşamy halkymyza birkemsiz gulluk eden, il-gün, ýaş nesiller üçin görelde bolan Mälikguly agany ýatlap beren sadakasynyň, okalan aýat-töwirleriň ýaşlarda halkymyzyň däp-dessurlaryna beýik söýgini döredýändigi bilen ähmiýetlidigi nygtaldy. Mukaddes Oraza aýynda halk bilen agzybirlikde berlen sadaka jemgyýetimiziň jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Maslahatda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşe hem-de häzirki döwürdäki gazanan üstünliklerine Mälikguly aganyň örän uly goşant goşa

«Gahrymançylykly simfoniýa»

Beýik Watançylyk urşunda taýsyz edermenlik görkezen, Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyna mynasyp bolan «87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynyň» uly seržanty, Watana wepalylygyň beýik nyşanyna öwrülen Aýdogdy Tahyrowdyr. Aýdogdy Tahyrowyň söweş meýdanynda görkezen edermenligini wasp edýän şahyrana setirler we saz eserleri öz döwründe halkymyzyň belent ruhy joşgunyna öwrülip, edermenligiň synmaz nusgasy boldy. Dogrusy, türkmen halkynyň ýazyjydyr şahyrlary we saz sungatynyň wekilleri öz edermen ogluna belent ylhamlaryny bagyşladylar. Gahrymanyň uruşda görkezen edermenligi, ol barada ýazylan taryhy romanda-da aýdyň şöhlelendirildi. Muňa Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan söz ussadymyz Naryman Jumaýewiň «Aýdogdy Tahyrow» romany anyk mysaldyr. Halypa kompozitorymyz Weli Muhadow Moskwadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýada okap ýörkä, urşa ugradylyp, 1942 — 1943-nji ýyllarda Donbasda 99-njy atyjylar diwiziýasynda duşmana garşy söweşýär. Kompozitor bile söweşen ýoldaşlarynyň edermenligini wasp edýän «Ýeňiş» atly kantatasyny ýazýar.

Gyjak ýasamag-a meň bilen...

Belli dutardyr gyjak ussasy Geldi Ugurlyýewiň ýanyna baran gyjakçylaryň biri ondan özüne edil Ata Ablyýewiňki ýaly gyjak ýasap bermegini haýyş edipdir. — Men şonuň ýaly gyjagyň aşygy. Ele alanyňdan ondan çykýan owazyň adamlary näderejede özüne çekip bilşini bir görsediňiz, gaýrat ediň, edil Ata aganyň gyjagy ýaly bolsun — diýip özelenipdir.

Halypa hormaty

1994-nji ýylda Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowyň aýdymlaryny ýerli telewideniýede ýazgy etmek üçin ýola düşdük. Bizi Bereket etrabynyň demir ýol menzilinde etrabyň medeniýet bölüminiň şol wagtky müdiri Täçdurdy Hanjanow garşy aldy. Aşyrmämmet Dawudow bilen ozaldan hem tanyşlygym bardy, çagalyk döwürlerim goňşy bolup ýaşapdyk. Bagşynyň howlusyna girip, maşgalasyna özümi tanyşdyranymda, ol:

«E-S-iň» arhiwinden

«Ölüm ýokdur, oglanlar!» atly çeper filmden görnüşler.

Saz — dünýäni özgerdýän sungat

Türkmençilikde aga-inilik örän uly jebislik hasaplanýar. Sebäbi il-günüň asudalygyny saklamak üçin ýigitleriň agzybirligi zerur bolupdyr. Şükür dünýä inende «Bir ýumrugymyz artdy» diýip, begenen ata-enesi ondan ulaldykça edermen, gaýratly adamy kemala getirmek isleýär. Emma Şüküriň welin, küýi-köçesi başga zatda, ýagny dutarda. Bu waka N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde şeýle beýan edilýär: Sazanda dutaryň yşgyna ýaş oglanlygyndan düşüpdi. Öz deň-duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan dutar ýasanyp, uzynly güni şony gazap geçirerdi. Ejesiniň ýüpegini azajyk-azajykdan ogurlap, öz ýasan dutaryna kiriş edip gutarardy. Goňşularynyň dutaryny çalyp-çalyp bozardy. Ejesi ony ertir bilen ota ýa-da oduna ibärdi. Ol meýdanda öz ýasan dutary bilen meşgul bolup, agşamlyk boş diýen ýaly gaýdyp gelerdi. Ol öz öýlerinden dutarly öýlerde kän bolardy. Özi çalman, kesesinden seredip otursa-da, hezil edýärdi. Oňa bir iş buýurjak bolup ýa-da nahar wagty tapmasalar, iň ilki bilen baryp, obanyň dutarly öýlerini barlap çykardylar. Ol hernä şol ýerlerden tapylardy.

Medeniýet — halkyň ruhy güýji

Medeniýetiň, sungatyň kämilligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlygynyň belentligi bolup, olaryň ösdürilmegi taryhymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň, mirasymyzyň galkynmagyna getirýär. Her bir ýyly şanly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýän ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha baýlaşdyrylmagy, kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimize, sungatymyza belent hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýdym-saz, teatr, kino, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda döredilýän her bir eserde halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy çeper wasp edilýär. Berkarar döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Merdana halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasyna uly hormat goýup, olary gorap saklamak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwretmek we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler hem özüniň oňyn netijesini berýär. «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan çäreler halkymyzyň medeni baýlyklaryna bolan buýsan

Sag bol, kaka!

(Nowella) Ol kakasyny görmändi. Onuň nähili adamdygyny göz öňüne hem getirip bilmeýärdi. Bu oglanlyk döwürleri şeýledi.