Uzak ýoluň gürrüňi (Halypa sarpasy)

3 Maý 2021
1102

BU ÝOLLAR YKBALDYR, YKBALDYR ÝOLLAR...

Altmyş sekiziň tomsy. Epgek öwüsýän meýdanda ýaşy durugşanlar ýaly güpbi ýa possun geýib-ä işläp bolanok. Onsuzam ýaş bedeniň gyzgyny, hyjuwy ýetik. Ýerden saýlanyp, at göwsüne ýetiberen gowaçalaryň ujuny çyrpyp ýörşüňe, jöwza döz gelmän, az-kem süllerenini görüp, deriňi sylarsyň. Ýaňagyňdan syrygyp gaýdan şor damja bütin endamyň öl-myžžyk bolanyny habar biýr-de, ýere gaçar. Düşen ýeri sähelçe nem bolup, biliňi ýazýançaň, ýiter gider.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Nesil».