Saz — dünýäni özgerdýän sungat

6 Maý 2021
988

Türkmençilikde aga-inilik örän uly jebislik hasaplanýar. Sebäbi il-günüň asudalygyny saklamak üçin ýigitleriň agzybirligi zerur bolupdyr. Şükür dünýä inende «Bir ýumrugymyz artdy» diýip, begenen ata-enesi ondan ulaldykça edermen, gaýratly adamy kemala getirmek isleýär. Emma Şüküriň welin, küýi-köçesi başga zatda, ýagny dutarda. Bu waka N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde şeýle beýan edilýär:

Sazanda dutaryň yşgyna ýaş oglanlygyndan düşüpdi. Öz deň-duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan dutar ýasanyp, uzynly güni şony gazap geçirerdi. Ejesiniň ýüpegini azajyk-azajykdan ogurlap, öz ýasan dutaryna kiriş edip gutarardy. Goňşularynyň dutaryny çalyp-çalyp bozardy. Ejesi ony ertir bilen ota ýa-da oduna ibärdi. Ol meýdanda öz ýasan dutary bilen meşgul bolup, agşamlyk boş diýen ýaly gaýdyp gelerdi. Ol öz öýlerinden dutarly öýlerde kän bolardy. Özi çalman, kesesinden seredip otursa-da, hezil edýärdi. Oňa bir iş buýurjak bolup ýa-da nahar wagty tapmasalar, iň ilki bilen baryp, obanyň dutarly öýlerini barlap çykardylar. Ol hernä şol ýerlerden tapylardy.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.