Toý ýylynyň owazlary

5 Maý 2021
1127

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, wokal sungatynyň ussatlarynyň «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazy» atly ýurdumyzyň hor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Festiwalda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýokary, ýörite orta sazçylyk hem-de ýörite sungat okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary, çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlary, şeýle hem saz bilimi bolan wokal aýdymçylary türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ahmet TAŇRYGULYÝEW.