Bagtyýar nesliň sungat baýramçylygy

4 Maý 2021
1126

Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde çagalaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň ähli ýerinden zehinli çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy.

Däbe öwrülen we ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan döredijilik bäsleşigi bagtyýar çagalar üçin ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Toý lybasyna beslenen sahnada ýerine ýetirilen joşgunly sungat çykyşlar şeýle diýmäge esas berýär. Gezekli-gezegine sahna çykan ýaş zehinler, çagalar döredijilik toparlary bilbil owazly, belent mukamly aýdym-sazlary, çykyşlary bilen ol ýeri alaýaza beslemek bilen, ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar. Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň «Gülle, ýaşlyk!», Gökdepe etrabynyň medeniýet bölüminiň «Ak telpek» çagalar tans toparlarynyň millilige ýugrulan çykyşlary aýratyn göwün göteriji boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gülläp ösýän Arkadagly eziz Diýarymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, asuda asmanymyzyň, bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň waspy ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynyň özenini düzdi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.