«Gahrymançylykly simfoniýa»

6 Maý 2021
1327

Beýik Watançylyk urşunda taýsyz edermenlik görkezen, Sowet Soýuzynyň Gahrymany adyna mynasyp bolan «87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynyň» uly seržanty, Watana wepalylygyň beýik nyşanyna öwrülen Aýdogdy Tahyrowdyr. Aýdogdy Tahyrowyň söweş meýdanynda görkezen edermenligini wasp edýän şahyrana setirler we saz eserleri öz döwründe halkymyzyň belent ruhy joşgunyna öwrülip, edermenligiň synmaz nusgasy boldy.

Dogrusy, türkmen halkynyň ýazyjydyr şahyrlary we saz sungatynyň wekilleri öz edermen ogluna belent ylhamlaryny bagyşladylar. Gahrymanyň uruşda görkezen edermenligi, ol barada ýazylan taryhy romanda-da aýdyň şöhlelendirildi. Muňa Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan söz ussadymyz Naryman Jumaýewiň «Aýdogdy Tahyrow» romany anyk mysaldyr. Halypa kompozitorymyz Weli Muhadow Moskwadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýada okap ýörkä, urşa ugradylyp, 1942 — 1943-nji ýyllarda Donbasda 99-njy atyjylar diwiziýasynda duşmana garşy söweşýär. Kompozitor bile söweşen ýoldaşlarynyň edermenligini wasp edýän «Ýeňiş» atly kantatasyny ýazýar.

Mähriban JUMAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.