Döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde

6 Maý 2021
1131

«Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde» atly maslahatda Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy netijesinde, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilindäki neşiri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň biridir.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň her bir işde halkymyzyň aňyrdan gelýän ýörelgelerine daýanandygy, türkmeniň edep-ekramynyň jemlenendigi, her başlangyjynyň il-günümizi, dünýäni beýgeldýändigi, halkymyzyň Arkadagynyň perzentlik borjuny berjaý edip, anna agşamy halkymyza birkemsiz gulluk eden, il-gün, ýaş nesiller üçin görelde bolan Mälikguly agany ýatlap beren sadakasynyň, okalan aýat-töwirleriň ýaşlarda halkymyzyň däp-dessurlaryna beýik söýgini döredýändigi bilen ähmiýetlidigi nygtaldy. Mukaddes Oraza aýynda halk bilen agzybirlikde berlen sadaka jemgyýetimiziň jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Maslahatda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşe hem-de häzirki döwürdäki gazanan üstünliklerine Mälikguly aganyň örän uly goşant goşandygy bellenildi.