HABARLAR

Döwletli maslahatyň bosagasynda

Ýakynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde «Halk maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz welaýat prokuraturasy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda döwletimizde ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşyna hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda  gyzykly çykyşlar edildi.  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek babatda öňde goýan maksatlarynyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy özenidigi  nygtaldy.

Bir döwüm çörek ýa-da nesibe, kanagat, ynsap barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Bolaýýan zat: saçak başynda oturan ýaşulularyň biri özüniňkidir öýdüp, bilmezlikde ýanynda oturanyň öňündäki bir döwüm çörege elini uzatdy. «Seniň çöregiň bärde dur» diýip, ýaşulynyň beýle tarapynda oturan ýigit onuň egnine kakdy. «Aýyby ýok, ortada çörek bar ahyry, men täze döwüp alaýaryn» diýip, öňünden çöregi alnan ýigit sypaýyçylyk etdi. Ýaşulynyň jogaby çürt-kesik boldy: «Ýok, inim, ol — seniň nesibäň, men seniň ryskyňy alyp bilmerin».

Durmuş dogrusyndaky dürdäneler

Durmuşyň maksady — dogry ýaşamak, dogry pikirlenmek we dogry hereket etmek. Mahatma Gandi.*  *  *Halaýan käriňizi saýlaň, şonda ömrüňizde bir gün hem işlemedik ýaly bolarsyňyz.Konfusiý.*  *  *Durmuş özüňi tapmakdan ybarat däl, durmuş özüňizi döretmekdir.Bernard Şou.*  *  *Ömrümiz paýawlap barýarka, biz diňe iki zada: az söýendigimize we az syýahat edendigimize gynanarys.Mark Twen.*  *  *Ýyldyzlara ymtylýan adam yzyna öwrülmeýär.Leonardo da Winçi.*  *  *Ýüregiňizde näçeräk köp söýgi, paýhas, gözellik, hoşniýetlilik döretseňiz, olary daş-töweregiňizdäki dünýäde şonça-da köp görersiňiz.Tereza ene.*  *  *Her kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.Dýuýk Ellington.

Yzgantda geçen maslahat

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň kiçi mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň beýik ösüş-özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Partiýa işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine berk eýerilýändigi, döwletli işleriň jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul edilýändigi hakda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýol abat — il abat

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Ýol abat — il abat» ady bilen şäherçedäki 54-nji çagalar bagynda wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim ulgamynyň işgärleri, şol çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler ýolyşygyň we ýol belgileriniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olary çagalara sada dilde düşündirdiler. Ýollarymyzyň asudalygyny goramakda döredilýän şertlerden dogry peýdalanmagy maslahat berdiler. Munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

«Türkmenpoçta» ýurdumyzyň ähli künjegine ýükleriň tiz we ygtybarly eltip bermek hyzmatyny kämilleşdirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine islendik ululykdaky we agramdaky ýükleri eltip bermekde amatly we ygtybarly hyzmaty hödürleýändigini ýatladýar. «Türkmenpoçtanyň» ýük bölümleriniň ulgamy tutuş Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýerleşmek bilen, ýaşaýjylara we edara-kärhanalara ýükleri ibermegiň we almagyň amatly hem çalt usulyny hödürleýär. Bölümleriň göni demir ýol menzillerinde ýerleşmegi logistikany ep-esli aňsatlaşdyrýar we poçta kompaniýasynyň hyzmatlaryny has-da elýeterli edýär.

Çagalar bilen öý haýwanlarynyň dostlugy hakynda

Adamzat ýaşaýşy döräli bäri adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyk bar. Şol çylşyrymly gatnaşyk ylmyň, tehnikanyň ösmegi netijesinde has-da kämilleşdi. Sebäbi öý haýwanlary adamlara has ýakyn bolmak, golaý ýaşamak bilen aýratyn aragatnaşykda bolýar. Esasan hem çagalaryň ählisi itleri, pişikleri, guşlary we beýleki oňurgaly haýwanlary gowy görýärler. Olaryň janly tebigata bolan söýgüsi ir çagalyk döwründen başlanyp, uzak wagtlap dowam edýär. Öý haýwanlary hem çagalary oňat görýärler. Çagalar bilen öý haýwanlarynyň arasyndaky gatnaşygy ösdürmek janly tebigata bolan söýgüdir. Bu ysnyşykly gatnaşygyň ösmegi bolsa çagalaryň tebigata, ata Watana, ene topraga bolan söýgä öwrülmeginiň başlangyjydyr. Öý haýwanlaryny idetmek çagalara hem-de uly ýaşdaky adamlar üçin gyzyklydyr we peýdalydyr. Haýwanlara mähirli garamagy çagalara ýaşlykdan öwretmeli. Çagalara şeýle endikleri öwretmek, olaryň diňe bir haýwanlara bolan söýgüsini oýandyrman, eýsem, daş-töweregindäki uly ýaşly adamlar bilen gatnaşyklarynyň gowulanmagyna we jemgyýete uýgunlaşmaga uly täsir edýär. Öý haýwanlaryny saklaýan maşgalalarda ösen çagalar hemişe şähdaçyk, ruhubelent we bagtyýarlygy bilen tapawutlanýarlar.

Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Baýramaly, Garagum etrap birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksadynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdygy dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: ýetilen sepgitler we geljekki wezipeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň bady bilen öňe barýar. Eziz Diýarymyzda uly toýlar tutulýar, şanly baýramlar bellenilýär, örän ähmiýetli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi taryhy wakalara öwrülip, türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar hem-de mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýýar. Şeýle möhüm çäreleriň biri hem Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr.

Täsirli geçen duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Beýik şahsyýetlerimizi hormatlap» ady bilen duşuşyk geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilelikde gurady. Duşuşykda özüniň manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömri, belent adamkärçiligi, ynsanperwer häsiýetleri dogrusynda çykyşlar boldy. Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiri, Hormatly il ýaşulusy Kakageldi Atdaýewiň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri Ogulşat Durdyýewanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy Baýramgeldi Ataýewiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Ogultäç Gurtgeldiýewanyň çykyşlarynda Mälikguly aganyň ömür we durmuş ýolunyň watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, il-güne mynasyp nesilleri terbiýelemegiň we milli ruhy-a