Işleriň netijeliligi gazanylýar

13 Awgust 2024
162

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri bolup welaýatymyzyň çägindäki önümçilik kärhanalarynda tehniki howpsuzlygyň düzgün-kadalary boýunça düşündiriş işlerini, şeýle-de okuw maslahatlaryny yzygiderli häsiýetde geçirip durýarys. Möwsümleýin oba hojalyk çärelerine gabatlanyp, etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda, galla kabul ediş hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda okuw maslahatlaryny guramaga aýratyn ähmiýet berýäris.

Pagta ýygymy möwsüminiň golaýlap gelýändigi bilen baglylykda, şu günler degişli kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň, mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirýäris, möwsümde degişli düzgün-kadalary berjaý etmek boýunça olara degerli maslahatlarymyzy berýäris. Çünki pagta Watanymyzyň gymmatly baýlygydyr. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilýän bol gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnamak we harmana daşamak, ýangyn howpundan goramak, möwsümde tehnikalary bökdençsiz işletmek hem-de olaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, pagta arassalaýjy we kabul ediş kärhanalarda degişli talaplary berjaý etmek möhüm bolup durýar.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.