Bir döwüm çörek ýa-da nesibe, kanagat, ynsap barada

14 Awgust 2024
77

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Bolaýýan zat: saçak başynda oturan ýaşulularyň biri özüniňkidir öýdüp, bilmezlikde ýanynda oturanyň öňündäki bir döwüm çörege elini uzatdy. «Seniň çöregiň bärde dur» diýip, ýaşulynyň beýle tarapynda oturan ýigit onuň egnine kakdy. «Aýyby ýok, ortada çörek bar ahyry, men täze döwüp alaýaryn» diýip, öňünden çöregi alnan ýigit sypaýyçylyk etdi. Ýaşulynyň jogaby çürt-kesik boldy: «Ýok, inim, ol — seniň nesibäň, men seniň ryskyňy alyp bilmerin».

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».