Çagalar bilen öý haýwanlarynyň dostlugy hakynda

13 Awgust 2024
107

Adamzat ýaşaýşy döräli bäri adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyk bar. Şol çylşyrymly gatnaşyk ylmyň, tehnikanyň ösmegi netijesinde has-da kämilleşdi. Sebäbi öý haýwanlary adamlara has ýakyn bolmak, golaý ýaşamak bilen aýratyn aragatnaşykda bolýar. Esasan hem çagalaryň ählisi itleri, pişikleri, guşlary we beýleki oňurgaly haýwanlary gowy görýärler. Olaryň janly tebigata bolan söýgüsi ir çagalyk döwründen başlanyp, uzak wagtlap dowam edýär. Öý haýwanlary hem çagalary oňat görýärler. Çagalar bilen öý haýwanlarynyň arasyndaky gatnaşygy ösdürmek janly tebigata bolan söýgüdir. Bu ysnyşykly gatnaşygyň ösmegi bolsa çagalaryň tebigata, ata Watana, ene topraga bolan söýgä öwrülmeginiň başlangyjydyr.

Öý haýwanlaryny idetmek çagalara hem-de uly ýaşdaky adamlar üçin gyzyklydyr we peýdalydyr. Haýwanlara mähirli garamagy çagalara ýaşlykdan öwretmeli. Çagalara şeýle endikleri öwretmek, olaryň diňe bir haýwanlara bolan söýgüsini oýandyrman, eýsem, daş-töweregindäki uly ýaşly adamlar bilen gatnaşyklarynyň gowulanmagyna we jemgyýete uýgunlaşmaga uly täsir edýär. Öý haýwanlaryny saklaýan maşgalalarda ösen çagalar hemişe şähdaçyk, ruhubelent we bagtyýarlygy bilen tapawutlanýarlar.

Dünýägözel NAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.