Yzgantda geçen maslahat

14 Awgust 2024
141

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň kiçi mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň beýik ösüş-özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy.

Partiýa işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine berk eýerilýändigi, döwletli işleriň jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul edilýändigi hakda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Amangül ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.