Ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basýarlar

13 Awgust 2024
94

Sarahs etrap bilim bölüminde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýörite we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap gelen ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça işe ugradyş dabarasy boldy. Dabara etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň müdirleri, mugallymdyr terbiýeçiler gatnaşdy.

Şu ýyl etrabyň bilim ulgamyna ýurdumyzyň ýörite orta okuw mekdeplerini hem-de ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen hünärmenleriň 100-den gowragy ýaşlara bilim we terbiýe bermek üçin zähmet ýoluna gadam basarlar. Dabarada etrap bilim bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Azat Öwezgurdow çykyş edip, ýaş hünärmenleri ilkinji zähmet ýoluna başlamaklary bilen gutlady. Hormatly Prezidentimize geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin alkyşly sözleri aýdyp, bilim işgärlerine Watana wepaly nesliň kemala gelmeginde üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Sülgün BEGMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.