HABARLAR

Ýubileý senä ajaýyp sowgat

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boljakdygyny belledi. Bu barada şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysyny tanyşdyrmak mynasybetli geçirilen dabaralarda-da aýratyn nygtaldy. Dabaralarda edilen çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şyg

Ak arzuwlar bilen uly durmuş ýoluna

«Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma duýgusyny döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep mugallymlary bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara, ene-atalara hoşallyk bildirilýär, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar. 25-nji maýda-da Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.

Täze jaý — bagtdan serpaý

Aşgabatda işewürlik desgalarynyň sany artýar

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi. Toý ruhuny has-da belende göteren bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar. Täze binalaryň gurluşygy ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berip, olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzyň kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Dost-doganlyk düşlegi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Döwlet baýdagynyň baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy diňe bir ruhy-ahlak, medeni ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolman, eýsem, halkymyzyň gadymyýetden gelýän dost-doganlyk, beýleki halklaryň milli ýörelgelerine, döredijilik dünýäsine goýýan belent sarpasynyň ýüze çykmasy boldy. Äleme ýaň salan bu dabara döredijiligi ynsanperwerlik, parahatçylyk, doganlyk-dostluk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan gymmatlyklary özünde jemleýän beýik Pyragynyň toýy bilen birlikde doganlyk halklaryň hem baýramçylygyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk halklaryň hem meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy paýhasdar pederlerimizden gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň özenine öwrülendigini dünýä jar etdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilg

Nurana geljegiň gözbaşy

Her ýyl ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we «Ene mähri» merkezleriniň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, sport toplumlary hereket edýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredildi, degişli kanunçylyk binýady taýýarlanyldy. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýat merkezlerinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalar giň mümkinçilikleriň gurşawynda sazlaşykly dynç alýarlar. Şeýle-de ýurdumyz umumymilli we halkara möçberinde çagalar we ýetginjekler toparlarynyň gatnaşmaklarynda dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriniň we festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Perzent waspy

Bal süýji, ýok, bala süýji,Bal çagalar — başyň täji,Ata-enäň ömürlerniňPerzentlerdir daýanç-güýji. Altyn-kümüş, düre derek,Bar baýlykdan çaga gerek.Sähel endamyň syzlasa,Ýene eneňdir janserek.

Galkynyşly döwrüň buýsanjy

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler belent maksatlary nazarlap, döwletimiziň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmegine badalga berýär. Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň amala aşyrylmagy, jemgyýetimiziň durmuşyny täze belentliklere göterjek möhüm çözgütleriň kabul edilmegi netijesinde, ata Watanymyzyň her gününiň ösüşlere beslenýändiginiň şaýady bolýarys. Bu özgertmelerdir uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Ajaýyp döwrümizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrylýan işleriň hemmesi — ösüp-özgerýän oba-şäherlerimiz, ykdysady üstünliklerimiz, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýe bolan at-abraýy, uly gurluşyklar, täze ýollar halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň miweleridir. «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşy egsilmezdir.