Ýyllarymyz şan-şöhrata beslenýär

29 Maý 2024
387

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Biz bu beýik hakykata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllarynyň dowamynda has aýdyň göz ýetirýäris. Aslynda, şöhratly taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, her bir etjek işini ýedi ölçäp, bir kesýän halkymyza gurmak, döretmek, guran we döreden zatlaryna buýsanyp ýaşamak, olaryň hözirini görmek ýaraşýar. Şonuň üçinem agzybir halkymyz döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldamak bilen, ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda dünýä nusgalyk işleri amala aşyryp, ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmagy başardy. Amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň ahyrky netijeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjy hakykatdyr. Watanymyzyň gül açmagy, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Nurmuhammet Aganiýazow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.