Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary

2 sagat öň
2

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Duşuşygyň başynda myhman Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny Aşgabada şu gezekki saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Watan».