Bir etrapdan iki habar

2 sagat öň
10

Meýdanlarda zähmet joşýar

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri pagta ýygymyny gün-günden ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şu ýyl birleşigiň 415 kärendeçisi 1460 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçileriň  ählisi özleriniň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda ir ertirden giç agşama çenli gaýratly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde, olaryň «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Döwlete pagta tabşyrmakda birleşigiň Güýçmyrat Taňryberdiýew, Bezirgen Arazsähedow, Ogultäç Pökgiýewa ýaly kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Her günde 15-16 tonna hasyl kabul ediş bölümine tabşyrylýar. Taýýar hasyly daşamakda etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň mehanizatorlary Bazarbaý Öräýew, Rozumbaý Jumanow dagy yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň Geldimyrat Töräýew, Allaberdi Ballakow dagynyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynda pagta ýygymy has-da guramaçylykly barýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.