Ökdeler öňe saýlandy

2 sagat öň
4

Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Akdepe etrabynyň 7-nji sport mekdebinde agyr atletika boýunça welaýat birinjiligi geçirildi. Onda ýigrimi ýaşa çenli bolan ýetginjek türgenler özara güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesine görä, oglanlaryň arasynda etrabyň 7-nji sport mekdebiniň türgenleri Alijan Atajanow, Muhammet Rejepow, agyr atletika mekdebiniň türgenleri Şahin Hudaýbergenow, Perman Hudaýbergenow, Şahim Reýimkulyýew, Saparbaý Atajanow, 4-nji sport mekdebiň türgeni Hajymyrat Gylyçmyradow dagy öz agram derejeleri boýunça ýeňiji boldular.

Gyzlaryň arasynda etrabyň 4-nji sport mekdebiniň türgenleri Munisa Satimbaýewa, Kümüş Baýjanowa, Anahan Amanowa, 6-njy sport mekdebiniň türgeni Züleýha Ýusupbaýewa, agyr atletika mekdebiniň türgeni Aýnura Reýimbaýewa dagy öz agram derejelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orunlary eýelediler. Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň baýraklary bilen sylaglandylar.

Çowdur GELDIBAÝEW,
Akdepe etrabynyň 6-njy sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.