Täze jaý — bagtdan serpaý

30 Maý 2024
288

Ýaşaýjylary döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu hakykat 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada-da öz aýdyň beýanyny tapdy.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar çykyşlarynda «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli dabaranyň geçirilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler. Soňra dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara ýokary amatlykly kottejleriň açarlary gowşuryldy. Öz şatlygyny paýlaşan täze öý eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.