Ýubileý senä ajaýyp sowgat

30 Maý 2024
327

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boljakdygyny belledi. Bu barada şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysyny tanyşdyrmak mynasybetli geçirilen dabaralarda-da aýratyn nygtaldy.

Dabaralarda edilen çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alyndy.