Ak arzuwlar bilen uly durmuş ýoluna

30 Maý 2024
273

«Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma duýgusyny döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep mugallymlary bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara, ene-atalara hoşallyk bildirilýär, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar. 25-nji maýda-da Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.