Magtymguly Pyragynyň ýazan ajaýyp şygyrlary edebi mirasymyzyň gymmatly hazynasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şuglasyny saçýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynyň dür-merjenlerini öz döredijiliginde jemlemegi başaran söz ussady ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamyndaky köňül küýsegini şygryýetiň üsti bilen dünýä ýaýmagy başaran beýik şahsyýetdir.
Dana şahyryň edebi mirasy özünden soňky nesillere durmuş mekdebi bolup durýar, ajaýyp şygyrlary ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, agzybirligi, jebisligi wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Beýik akyldaryň: