Arkadag şäheri — bagtyň mekany

29 Maý 2024
262

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan kemal tapan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesi bolup durýan Arkadag şäheri arzuwlaryň hasyl bolýan şäheridir. Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. «Akylly şäheriň» döwrebap keşbi täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Kaşaň binalaryň, ajaýyp ymaratlaryň gurluşygynda milli binagärçilik bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagy bolsa, döwrümize we geçmişimize bolan buýsanjyňy artdyrýar. Bagtyň mekany bolan Arkadag şäherinde «ýaşyl» tehnologiýalaryň we döwrebap intellektual ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir şäheriň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklary döretmän, eýsem, ata Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilýändigini subut edýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün «ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde bagtyýar, döredijilikli durmuş joş alýar. Şol bir wagtyň özünde hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky gurluşyklar giň gerimde alnyp barylýar» diýip belläp geçişi ýaly, bu ýerde ýaşamak, zähmet çekmek we okamak üçin ähli amatly şertler üpjün edilendir. Häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýän şäher geljegiň şäheridir.

Aşyr Orazdurdyýew,
welaýat Polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.