HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B. Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunda hereket edýän kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine aýratyn üns berilýär.

Paýtagtymyzda täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy

16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy baýramçylyk äheňinde gurnalan, ak reňkli howa şarlary bilen bezelen derwezäniň öňündäki meýdançada saklanýar.

Ugur — ösüşleriň täze belentliklerine tarap

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ýolunda

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda adalat ministri B.Muhamedow raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk we hukuk iş tejribesi babatda bir bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. * * *

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslary döredilýär

15-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ada­lat mi­nist­ri B.Mu­ha­me­dow bi­len Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li ka­nun­çy­ly­gy mun­dan

Milli parlamentiň kämil nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli demokratiýanyň, halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagy ugrunda yzygiderli aladalar edilýär. Munuň aýdyň güwäsi hökmünde, üstümizdäki ýyldan başlap, ýurdumyzda iki palataly milli parlament ulgamynyň hereket edýändigini agzap geçmek bolar. 2019-njy ýylyň güýzünde bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirip guramak, Halk maslahatyny we mejlisi ýurduň ýokary wekilçilikli kanunçykaryjylyk edaralar ulgamyna birikdirmek babatda teklibi öňe sürdi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Konstitusion topary we işçi topary döretmek teklip edildi.