Göwünleri galkyndyran hoş habar

16 Sentýabr 2021
762

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly ruhubelentlikde bellenilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilendigi barada hoş habaryň gelip gowuşmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny aýratyn many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny güýçlendirmek hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmek Kararnamanyň esasy wezipesidir.

Hemra GULMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap kazyýeti, kazynyň  kömekçisi.
Beýleki habarlar