Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy

15 Sentýabr 2021
815

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilişine degişli meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimine söz berdi. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, şäheri mundan beýläk-de toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim paýtagtymyzda, Köpetdagyň gözel künjeginde gurluşygy alnyp barylýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumyndaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize birnäçe şekil taslamalary görkezildi. Şeýle hem şöhratly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara, Halk Maslahatynyň mejlisine, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar