Görküne görk goşýar mermer şäheriň

16 Sentýabr 2021
746

Öz durmuşynyň ýeňilliklerini we gözelliklerini özleri döredip bilýändikleri üçin adamzat jemgyýeti has bagtyýar durmuşda ýaşaýar. «Aziýanyň ak merjeni» ady bilen dünýäde meşhur bolan paýtagtymyz munuň aýdyň mysalydyr. Ak mermere beslenen binalar, döwrebap seýilgähler, suw çüwdürimleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeler şäheriň görküne özboluşly görk goşýar.

Öňňin, ýagny 15-nji sentýabrda açylyşy bolan döwrebap seýilgähdir ýerasty geçelge owadan şäherimiziň görküni artdyrdy. Paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de köçäniň ugrunda gurlan ýerasty geçelgeler  mermer şähere täzeçe bezeg boldy.

Musa BARJYÝEW,
Balkan welaýatynyň Bereket etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar