Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

16 Sentýabr 2021
686

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen duşuşygy boldy. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Şeýle hem gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga ýardam edýän işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň wajypdygy nygtaldy. Energetika we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, täze düzümleýin desganyň – Lebap welaýatyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda, şol sanda Günüň we ýeliň energiýasyndan peýdalanmagyň tehnologiýalaryny ulanmak babatda gatnaşyklaryň wajypdygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara gyzyklanma döredýän ähli ulgamlarda netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

* * *

Beýleki habarlar