Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

16 Sentýabr 2021
699

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor:

— Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitlere we ýurdumyzda sanly ulgama geçmekde alnyp barylýan beýik işlere bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş eden harby gullukçylar Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylan uly ösüşler, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilişi, sanly ulgama geçmekde ýerine ýetirilýän beýik işler barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

«Adalat».
Beýleki habarlar