HABARLAR

Üstünliklerimiz dünýä ýaň salýar

Geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Bu serginiň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda onuň birleşdiriji ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenip, olaryň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. 4,3 inedördül kilometr meýdanda gurlan ägirt uly «EKSPO — 2020-niň» çäginde özboluşly binagärlik desgalaryndan — Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň bölümlerinden ybarat bolan tutuş şäherçe emele gelip, onuň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Bütindünýä sergisine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, dürli guramalar, gaznalar hem-de bilim düzümleri gatnaşmak bilen, ylym, tehnika, binagärlik we sungat ulgamlarynda

Okgunly ösüş — rowaçlygyň nyşany

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglygy goraýyş işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda” Permana, şeýle hem “Saglygy goraýyş işgärlerini ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda” Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.

“EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrandan soň, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu saparyň Türkmenistanyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan iri halkara guramanyň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm tapgyry boljakdygyna ynam bildirdi.

Welaýat häkimliginde bolan maslahat

Welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda welaýatymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanylan maslahat boldy. Oňa welaýat häkiminiň orunbasarlary, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etraplaryň, şäherleriň häkimleri we olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýygnagy welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada gürrüň berdi. Şeýle-de, ol mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň ähli pudaklar boýunça işleriň ýagdaýyna adalatly baha berendigi, öňde duran wezipeleri kesgitländigi we her bir ugur boýunça degişli, anyk tabşyryklary berendigi barada aýtdy. Soňra ol welaýatymyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda

Baky bagtymyzyň waspy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak örän ähmiýetli wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň golaýda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen taryhy mejlisi hem şeýle wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz bu taryhy mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler barada durup geçmek bilen, öňde duran wezipeler hem-de olary ýerine ýetirmek bilen bagly edilmeli işler hakynda giňişleýin gürrüň etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemle-nildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.