TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ MI­NISTR­LER KA­BI­NE­TI­NIŇ GI­ŇIŞ­LE­ÝIN MEJ­LI­SI

10 Oktýabr 2021
714

8-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da ýu­bi­leý ýy­ly­nyň do­kuz aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di, Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­nyň we ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len beý­le­ki mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, beý­le­ki de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň hem-de paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, ýa­kyn gel­jek üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­re geç­mek bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Berdimuhamedowa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni tas­syk­la­ýan şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da­ky mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

TDH
Beýleki habarlar