Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

11 Oktýabr 2021
600

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemle-nildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

«Balkan».
Beýleki habarlar