Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktoryny kabul etdi

9 Oktýabr 2021
772

Aşgabat, 8-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.

Iri halkara guramanyň ýokary wezipeli wekili döwlet Baştutanymyzy ýurdumyz üçin şanly sene — ýakynda bellenilen Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.

Beýleki habarlar