Okgunly ösüş — rowaçlygyň nyşany

11 Oktýabr 2021
647

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar