Durnukly ösüş üpjün edilýär

10 Oktýabr 2021
839

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar