Üstünliklerimiz dünýä ýaň salýar

11 Oktýabr 2021
711

Geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Bu serginiň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda onuň birleşdiriji ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenip, olaryň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

4,3 inedördül kilometr meýdanda gurlan ägirt uly «EKSPO — 2020-niň» çäginde özboluşly binagärlik desgalaryndan — Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň bölümlerinden ybarat bolan tutuş şäherçe emele gelip, onuň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Bütindünýä sergisine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, dürli guramalar, gaznalar hem-de bilim düzümleri gatnaşmak bilen, ylym, tehnika, binagärlik we sungat ulgamlarynda gazananlaryny görkezýärler. Serginiň çägi «Mümkinçilik», «Ykjamlyk» we «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan ägirt uly bölümlere bölündi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar