Welaýat häkimliginde bolan maslahat

11 Oktýabr 2021
636

Welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda welaýatymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanylan maslahat boldy. Oňa welaýat häkiminiň orunbasarlary, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etraplaryň, şäherleriň häkimleri we olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnagy welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada gürrüň berdi. Şeýle-de, ol mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň ähli pudaklar boýunça işleriň ýagdaýyna adalatly baha berendigi, öňde duran wezipeleri kesgitländigi we her bir ugur boýunça degişli, anyk tabşyryklary berendigi barada aýtdy. Soňra ol welaýatymyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda 2021-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin welaýat häkiminiň orunbasarlaryna söz berdi.

Beýleki habarlar