HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Döwrebaplyk. Millilik. Amatlylyk

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DURMUŞ-YKDYSADY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

Kerwenler geçen ýoldur bu (Ýaş žurnalistiň sözi)

Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň nyşany

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri: Habarlar

1-nji sentýabr. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Hormatly Prezidentimiziň 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde beren umumy sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de baýramçylyk ruhuny artdyrdy. 3-nji sentýabr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Köpetdagyň eteginde gurulýan ajaýyp şäher

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasy bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerilýär

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde 21-nji oktýabrda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndan ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi. ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça ösdürilýär.

Türkmen-russiýa ykdysady forumy

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işi, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

Watana wepalylygyň wesýeti

1. Atalyk aladanyň aýdyň beýany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: