Dünýä nusgalyk başlangyçlar

21 Oktýabr 2021
758

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitiň goňşy döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlaryň we halklaryň birek-birege özara hormat goýmak kadalary ýaly ynsanperwer ýörelgelere pugta eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň özboluşly hukuk görnüşini emele getirýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bar. hemişelik Bitaraplyk halkara ynsanperwer gymmatlyklar ulgamynda oňyn düşünje hökmünde ylymda we tejribede mynasyp orun eýeledi. Bu garaýyş döwletleri halkara hukugynyň deňhukukly subýekti hökmünde kabul etmek, halkara gatnaşyklarynda birek-birege hormat goýmak, ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýaly ýörelgeler bilen birlikde, ählumumy häsiýete eýe bolan döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmak ugrunda hem tagallalary etmegi, netijede bolsa halkara hyzmatdaşlygyň deňagramlylygyny, durnuklylygyny üpjün etmegi özünde jemleýär. «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyna esaslanýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ynsanperwer jähetlerini öz içine alýan tagallalary daşky gurşawy goramaga gönükdirilen halkara gatnaşyklarynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Häzirki wagtda halkara hukuk kadalary esasynda daşky gurşawyň goragynyň üpjün edilmeginiň wajypdygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi tebigatyň her bir obýektiniň innowasion çemeleşme esasynda goralyp saklanylmagyna esas döredýär. Hormatly Prezidentimiz bular dogrusynda şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden taryhy çykyşynda belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, «Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr». Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.