Barlan iller, ýörelen ýollar (esse)

22 Oktýabr 2021
1046

Gadymyýetden galan bir tymsalda: «Köp ýaşan adam däl-de, köp gezen, köp gören adam bagtlydyr» diýilýär. Şu jähetden ykbal meni ýalkapdyr. Maňa ýaşalan ömrüň dürli ýyllarynda dünýäniň köp ýerlerine barmak, onlarça ýurtlarynda bolmak nesibesi ýazylan eken. Şolaryň hersi bir duýga-täsire gaplanan. «Her gülüň bir ysy bar» diýlişi ýaly, her barlan ýeriň, her ýörelen ýoluň, düşlän şäheriň, görer göz bilen synlan köşgi-eýwanyň, ymaratyň, geň galdyran täsinlikleriň... hersi türkmen aýtmyşlaýyn, bir dessan.

Gündogarda: «Barylmadyk ilde eşidilmedik gep bar» diýlen aýtgy bar. Bu sözüň çyndygyna syýahatda-seýranda bolanyňda has magat göz ýetirýärsiň. Diňe gep däl, görmedik gözellikleriň, täsinlikleriň soň köňül kitabyňa ýazylýar. Şol täsirler bolsa ýyllar geçdigisaýy has nurlanyp, akyl eleginden süzülip, şol wagt ýandepderçä geçirilen bellikler seni heýjana salyp, bileniňi, göreniňi, ýat «depderiňe ýazylany» dolulygy bilen kagyza geçirmäge, has anygy, okyjy bilen paýlaşmaga telwaslandyrýar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.