Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri: Habarlar

22 Oktýabr 2021
1186

1-nji sentýabr. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Hormatly Prezidentimiziň 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde beren umumy sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de baýramçylyk ruhuny artdyrdy.

3-nji sentýabr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.