Kerwenler geçen ýoldur bu (Ýaş žurnalistiň sözi)

22 Oktýabr 2021
617

Beýik Ýüpek ýoly. Beýikligi asyrlaryň aňyrsyndan seleňläp duran ýol. Eýsem, onuň beýikligi nämede?! Taryhylygyndamy?! Elbetde, ýok! Asyl, taryh hiç bir närsäniň derejesini beýgeldip bilýän däldir. Ol diňe beýikligi gorap saklamaga ukyplydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň beýikligi onuň bir bitewi ulgamdygynda. Hut şonuň üçin hem ulag ulgamy boýunça geçirilýän maslahatdyr forumlarda edilýän çykyşlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ady öwran-öwran agzalýar. Çünki taryh — geljegiň iň ygtybarly gollanmasy.

2016-njy ýyl. «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly». Biz şol ýylda mirasa sarpa goýlup, diňe bir Watany däl, eýsem, dünýäniň özgerişine öz täsirini ýetiren wakalaryň şaýady bolduk. Ýokarda ady getirilen ýylyň altyn güýzünde Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty guraldy. Bu maslahat döwletimiziň başlangyjy boýunça geçirilip, dünýäniň häzirki zaman ulag ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda tagallalary birleşdirmegiň badalgasy boldy. Islendik ulgamyň ösüşini onuň durnukly halynda gazanyp bolýar. Durnuklylyk ählumumy jebislik duýgusyny kemala getirýändir. Jebislikde bolsa egsilmez kuwwat bar. Ynha, şu nukdaýnazardan hem, milli Liderimiziň ulag diplomatiýasyndaky täzeçil çemeleşmeleri bu ulgamyň bir bitewüligini, üpjünligini gazanmaklyga daýanýandyr. Döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamy boýunça öňe sürýän teklipleriniň BMG-niň Kararnamalary bilen berkidilmegi, bu başlangyçlaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawlydygynyň şaýady.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Nesil».