Milli Liderimiziň ulag diplomatiýasy

22 Oktýabr 2021
823

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 14-nji oktýabrynda HHR-iň Pekin şäherinde geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşmagy we maslahatdaky taryhy çykyşy ýurdumyzyň öňe sürýän ulag diplomatiýasynyň dünýädäki parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle-de milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli, ägirt uly maksatlardan ugur alýan başlangyçlarynyň sebit we dünýä derejesinde belent ykrara eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Çünki Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji maslahat döwletimiziň başlangyjy esasynda 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirilipdi. Bu abraýly çäre we onda kabul edilen Beýannama ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitledi we durmuşa geçirilýän çäreleriň depginini güýçlendirdi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasy kabul edildi. Mundan öň, ýagny 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar hem Milletler Bileleşigi we oňa agza bolup durýan döwletler tarapyndan ykrar edildi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň 48 döwletiň awtordaşlyk etmeginde biragyzdan kabul edilmegi pandemiýany we onuň ykdysady hem-de durmuş täsirlerini ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmekde halkara ulag hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigine üns çekýär. Ýurdumyzda 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty hem dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. Baş Assambleýanyň nobatdaky 76-njy mejlisinde ýurdumyzyň öňe süren garaýyşlarynyň hatarynda beýan edilen bu halkara maslahat ulag diplomatiýasyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleriniň başlangyjy hem Aşgabat Beýannamasyndan gözbaş alýar.

Akmyrat HYDYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy.