Köpetdagyň eteginde gurulýan ajaýyp şäher

22 Oktýabr 2021
744

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasy bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.