Zenan sarpasynyň nusgasy

21 Oktýabr 2021
872

Zenanyň — enäniň ýylgyryşy Zeminiň ýylgyryşydyr.

Zenana bolan hormat, sarpa türkmeniň owalynda kalbyna guýlan. Çünki zenan — ene, zenan — mährem uýa, zenan — ykbal hemrasy. Zenana bolan hormat ýollaryň gülzarlygyny kepillendirýär. Sebäbi zenanyň — enäniň ýylgyryşy Zeminiň ýylgyryşydyr. Hut şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşyň her bir pursaty bilen baglanyşykly aýdýanlary, döredýän eserleri biziň her birimiz üçin görelde mekdebi bolup durýar. Milli Liderimiziň mähriban käbesine goýýan hormaty perzentlik söýgüsiniň iň bir belent derejelerde beýan edilmesidir. Ol beýany biz hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň her bir setirinde, her bir jümlesinde, her bir sözünde görýäris: «Dünýäde meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi taryhdan bellidir. Şolaryň ählisinde bar bolan özara meňzeşlik, mahsuslyk bolsa, enä bolan söýgi diýilse, hemmeler munuň bilen ylalaşarlar». Ine, şu sözleri seriňe aýlanyňda, bu dünýäniň özeninde enä bolan, diýmek, zenana bolan söýgi dur diýen pikir kalbyňa dolýar. Ine, şu-da gender deňligi diýen düşünjäniň türkmen halkynyň ganynda owalynda bar diýen pikiri ýene bir ýola berkidýär.

Gurbantäç REJEPOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.