HABARLAR

Dostlukly ýollaryň dowamy

şöhratly geçmişden aýdyň geljege uzaýar Düýn hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen aralygyndaky bölegi ulanylmaga berildi. Bu waka mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilen ýylynda ýurdumyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen döwründe gazanan üstünlikleriniň we geljekki rowaçlyklarynyň dowamatynyň nyşanyna öwrüldi.

Geljekki ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň oktýabrynda «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy we oňa ýokary derejede taýýarlyk görmek işlerini geçirmek degişli ministrliklere we pudak edaralaryna tabşyryldy. 2022-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzda raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy baradaky anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny bellemek bolar. Şu maksatlardan ugur alnyp, «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin maksatnama» kabul edildi.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Netijeli hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýar

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Önümçilige ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary ornaşdyrylýar. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda tebigy gaza hem-de nebite baý täze ýataklary gözlemek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça halkara tejribä laýyklykda uly işler alnyp barylýar.

Täze belentliklere tarap

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, öňde durýan möhüm wezipeleriň çäklerinde alnyp barylýan işler dogrusyndaky hasabatlary diňlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22 — 23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilen meýilnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi wajypdyr

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KABUL ETMEGI 28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Doganlyk gatnaşyklaryň täze derejesi

Dünýäde dost-dogana uzaýan ýollar aýratyn täsir döredýär. Dostlaşmak, doganlaşmak pederlerimizden miras galan döwletli ýörelgeleriň, gadymdan aňymyza guýlan paýhasly nesihatlaryň biri. Milli däp-dessurlaryň, ýörelgeleriň, ýagşy edep kadalarynyň bu gün döwlet derejesinde ösdürilmegi parahatçylygy, ynanyşmagy tutuş dünýä wagyz edýän ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän dost-doganlyga, ygtybarly hyzmatdaşlyga, halkymyzyň kalby deýin açyklyga we parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasatymyz yzygiderli esasda pugtalandyrylýar. Ýurdumyza döwlet sapary bilen gelýän dostlukly ýurtlaryň hökümet wekiliýetleri bilen geçirilýän gepleşiklerde we çärelerde muny aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çakylygy bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýaňy-ýakynda, ýagny 24-25-nji oktýabrda ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Goňşy döwlet bolan Gazagystan Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwürde goňşy döwlet bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylyp, häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-sin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.