Täze belentliklere tarap

29 Oktýabr 2021
620

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, öňde durýan möhüm wezipeleriň çäklerinde alnyp barylýan işler dogrusyndaky hasabatlary diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22 — 23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

«Aşgabat».