Geljekki ösüşiň binýady

29 Oktýabr 2021
973

Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň oktýabrynda «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy we oňa ýokary derejede taýýarlyk görmek işlerini geçirmek degişli ministrliklere we pudak edaralaryna tabşyryldy.

2022-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzda raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy baradaky anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny bellemek bolar. Şu maksatlardan ugur alnyp, «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin maksatnama» kabul edildi.

Maral ATAKLYÇEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.