Döwlet syýasatynda maşgala mukaddesligi

29 Oktýabr 2021
1182

Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar!», «Döwlet adam üçindir!» diýen maksatnamalaýyn şygarlary öňe sürüp, durmuşa geçirýän ähli beýik işlerini halkyň bagtyýar durmuşyna gönükdirdi. Ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine esaslanyp, döwleti dolandyrmakdaky baý tejribä, ynsanperwer ýörelgelere eýerip, Gahryman Arkadagymyz maşgala mukaddesligini saklamak, milli däp-dessurlarymyzy goramak, pederlerimiziň halallyk ýörelgelerine ygrarly, päk ahlakly, ylymly-bilimli, kämil nesilleri kemala getirmek babatda nusgalyk işleri amala aşyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasyndaky «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýen kadadan gözbaş alýan birnäçe kanunlar hereket edýär. Bu babatda Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, Zähmet kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi hem-de «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kanunçylyk namalaryny bellemek bolar.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy.