Doganlyk gatnaşyklaryň täze derejesi

29 Oktýabr 2021
710

Dünýäde dost-dogana uzaýan ýollar aýratyn täsir döredýär. Dostlaşmak, doganlaşmak pederlerimizden miras galan döwletli ýörelgeleriň, gadymdan aňymyza guýlan paýhasly nesihatlaryň biri. Milli däp-dessurlaryň, ýörelgeleriň, ýagşy edep kadalarynyň bu gün döwlet derejesinde ösdürilmegi parahatçylygy, ynanyşmagy tutuş dünýä wagyz edýän ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän dost-doganlyga, ygtybarly hyzmatdaşlyga, halkymyzyň kalby deýin açyklyga we parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasatymyz yzygiderli esasda pugtalandyrylýar. Ýurdumyza döwlet sapary bilen gelýän dostlukly ýurtlaryň hökümet wekiliýetleri bilen geçirilýän gepleşiklerde we çärelerde muny aýdyň görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň çakylygy bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýaňy-ýakynda, ýagny 24-25-nji oktýabrda ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Goňşy döwlet bolan Gazagystan Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwürde goňşy döwlet bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylyp, häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-sine gol çekildi. 30 ýyl töweregi wagtdan bäri ygtybarly esasda, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň taryhynda ajaýyp sahypany ýazan bu döwlet sapary halklaryň özara ýakynlaşmagyna we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döwlet saparynyň maksatnamasy dünýäde giňden tanalýan bedew atlarymyz bilen tanyşlykdan başlandy. Hormatly myhmanyň belent maksatlaryň myradyna ýetmegini alamatlandyrýan ahalteke bedewleri bilen didarlaşmagy döwlet ähmiýetli işleriň üstünlige beslenjekdigini alamatlandyrdy. Halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine esaslanýan bu çäre oňa gatnaşanlarda ýatda galyjy täsirleri döretdi. Türkmen jigitleriniň at üstündäki çylşyrymly çykyşlary bedew bady bilen dünýä çykýan ýurdumyzyň şan-şöhratyny görkezdi. Türkmen halkynyň adyndan doganlyk gazak halkyna sowgat hökmünde, hormatly Prezidentimiziň Gazagystanyň Baştutanyna Ganatly atly bedewi bermegi wakalaryň täsirliligini artdyrdy. Türkmenistan bu gün edermen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň aýdyň subutnamasyny bolsa Böwser atly aw tazysynyň hem gazak halkyna sowgat hökmünde berilmegi ýene-de bir gezek tassyklady. Taryhdan mälim bolşy ýaly, aw tazylary ýörite eldekileşdirilip, aýratyn ideg etmek bilen ýetişdirilýär. Ýakyn goňşular hökmünde türkmen we gazak halklary taryhyň uzak ýoluny bilelikde külterledi. Bu gün bu goňşuçylyk gatnaşyklary barha berkäp, doganlyk gatnaşyklaryna öwrüldi.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
öz habarçymyz.